Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler
Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....
Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....
Ford konserni meşhur Nýurburgring ýolunda Ford Mustang GTD Competition ýörite wersiýasynyň täze rekord goýandygyny resmi taýdan yglan etdi....
Amerikanyň Ford awtoulag öndürijisi yzyna çagyran awtoulaglarynyň sany boýunça öňdeligi eýeledi. iSeeCars seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprelinden 2026-njy ýylyň martyna çenli......
Ford kompaniýasy ýol hereketiniň howpsuzlygyna täsir edip biljek programma üpjünçiligindäki näsazlyk sebäpli ABŞ-da takmynan 1,4 million F-150 pikapyny yzyna çagyrar. Bu barada ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň......
Ford kompaniýasy brendiň geljekki modellerine howany takyk çaklamaga mümkinçilik berjek howa şertlerini kesgitleýji innowasion ulgam üçin patent aldy. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda berlen patent resmi taýdan......
Ford kompaniýasynyň baş direktory Jim Farley 1970-nji ýyllarda öndürilen De Tomaso Pantera sport awtoulagyny Bring a Trailer auksionynda 127 000 dollar bahadan satdy. Bu awtoulagyň özboluşlylygy - onuň......
Ford kompaniýasy sürüjiniň dodaklarynyň hereketi boýunça buýruklaryny okap bilýän innowasion ses dolandyryş ulgamyny işläp düzýär. Bu tehnologiýa kabrioletlerde we üsti açyk wnedorožniklerde sesiň tanalmagyna......
Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......
Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......
Nýu-Ýork şäheri birnäçe günläp awtoulag dünýäsi üçin özüne çekiji merkeze öwrüler. 3-12-nji aprel aralygynda Jacob K. Javits Convention Center sergi merkezinde Demirgazyk Amerikanyň iň gadymy we iri awtoulag......
Toyota kompaniýasy Tundra pikapynyň täze, has ekstremal görnüşini taýýarlaýar. Ol TRD Hammer diýlip atlandyrylar. Bu barada ABŞ-nyň Patent we söwda belgileri edarasynyň maglumatlaryna salgylanýan The Drive neşiri habar berdi...
Ford kompaniýasynyň Ýewropa bölümi Explorer elektrik krossoweriniň täzelenendigini mälim etdi. Döwrebaplaşdyrmadan soň, awtoulag täze batareýa, artdyrylan ýol aralygyna we goşmaça funksiýalara eýe boldy. Ýewropa ýurtlarynda bu model üçin sargytlar eýýäm kabul edilip başlandy...
Ford kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jim Farli Rim papasy Lew XIV-ä ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen Ford Explorer awtoulagynyň ýörite görnüşini gowşurdy. Bu awtoulag 2026-njy ýylyň «Ford Explorer Platinum» modeliniň esasynda taýýarlanyp, hromlanan detallary bolan gara reňkli kuzowa hem-de «DA POPE» we «LEO XIV» diýen şahsy döwlet belgilerine eýedir...
"Bring a Trailer" onlaýn auksionynda 2003-nji ýylyň Ford Mustang SVT Cobra kupesi 175 müň dollara satyldy. Bu mukdar täze Mustang-yň ABŞ-daky başlangyç bahasyndan (32,6 müň dollar) bäş esse töweregi gymmatdyr. Beýle ýokary bahanyň esasy sebäbi bolsa ulagyň saklanyş ýagdaýydyr...
Lead The Charge toparynyň geçiren barlaglaryna görä, Amerikanyň Tesla kompaniýasy dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndüriji hökmünde ykrar edildi. Bilermenler diňe bir modelleriň hataryny däl, eýsem ulaglaryň tutuş önümçilik dolanyşygyny seljerdiler...
Lego kompaniýasy awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçilik döwrüniň öňbaşçysy hasaplanýan Ford Model T-e bagyşlanan täze toplumyny çykaryp, Lego Icons seriýasyny giňeltdi. Toplumyň bahasy 129,99 dollar. Deňeşdirmek üçin: 1920-nji ýyllarda hakyky Model T-niň bahasy 250-den 290 dollara çenli bolupdyr...
Ford konserni 4 380 609 awtomobili öz içine alýan giň gerimli hyzmat ediş kampaniýasyny yglan etdi. Yzyna çagyryş dürli modellerdäki pikaplary, wnedorožnikleri we furgonlary öz içine alýar. Mesele tirkeg çekilen wagty ýüze çykýan programma säwligi bilen baglanyşyklydyr...
Ford kompaniýasy 2026-njy ýylyň modeli bolan Mustang Mach-E elektrik krossoweriniň gurnama bölümini täzeledi. Şoňa görä, indi öňdäki goşhana standart enjamlaşdyrmanyň düzüminden aýryldy we tölegli bölege öwrüldi...
Ford Motor kompaniýasy ABŞ-da 453 müňden gowrak awtomobilini ýüze çykarylan tehniki meseleler sebäpli yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky milli dolandyryş edarasy habar berýär...
Ford kompaniýasynyň elektrik ulaglary bölümi ("Model e") 2025-nji ýylyň dördünji çärýegini 1,2 milliard dollar zyýan bilen ýapdy. Kompaniýanyň çap eden maliýe hasabatyna görä, bu döwürde bölümiň girdejisi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 7% peselip, 1,3 milliard dollara düşdi...
Amerikanyň Ford we Hytaýyň Geely kompaniýalary strategik hyzmatdaşlyk barada gepleşikleri geçirýärler. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Hususan-da, Geely Ýewropa bazary üçin awtomobilleri Ford-uň Ýewropadaky kuwwaty derejesinde öndürmek mümkinçiligine seredýär...
ABŞ-nyň Ýollarda hereketiň howpsuzlygy baradaky milli dolandyryş edarasy (NHTSA) 2015-nji we 2017-nji ýyllar aralygynda öndürilen Ford F-150 pikaplarynyň tehniki ýagdaýy boýunça barlag işlerine başlady. Bu barlag takmynan 1,27 million awtoulaga degişlidir...
Ford kompaniýasy Detroýt awtosalonynda meşhur Bronco modeliniň täze — RTR görnüşini tanyşdyrdy. Ýolsuz ýerlerde ýokary tizlikde sürmek üçin niýetlenen bu awtomobil has gymmat bahaly Bronco Raptor modeline has elýeterli alternatiwa hökmünde hödürlenilýär...
Detroýtda geçirilen Demirgazyk Amerikanyň halkara awtosalonynda «Demirgazyk Amerikada ýylyň awtomobili 2026» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Şu ýyl baş baýraklary Dodge Charger, Ford Maverick Lobo we Hyundai Palisade aldy...
Ford kompaniýasy Louisville Assembly Plant zawodynda Escape krossoweriniň önümçiligini tamamlady. Modeliň iň soňky nusgasy konweýerden düşdi we zawodyň işgärleri awtoulagyň kuzowyna ýadygärlik gol çekdiler. Soňky awtoulag çykanyndan soňra, hünärmenler köne önümçilik liniýalaryny söküp başladylar: Luiswilldäki zawod döwrebaplaşdyrylar...
Ford kompaniýasy elektrik awtoulaglarynyň birnäçe modeliniň önümçiligini bes edýändigini we 19,5 milliard dollarlyk aktiwlerini hasapdan aýyrýandygyny yglan etdi. Bloomberg-iň habar bermegine görä, awtoulag öndürijisi elektrikleşdirme syýasatyny düýpli gözden geçirýär we öň meýilleşdirilen birnäçe taslamadan dänýär...
Toyota 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda awtomobil satuwynyň möçberi boýunça ägirt uly artykmaçlygy saklaýar – Ýaponiýanyň awtoägirdi 4,73 million sany ulag satdy (ýyllyk görkezijide 6% ösüş). Şol bir wagtda Hytaý öndürijileri BYD we Geely reýtingde öz orunlaryny ep-esli berkitdiler...
Ford amerikan awtoulag öndürijisi hereketlendirijiniň güýjüni ep-esli artdyrjak meşhur Mustang modeli üçin zawod týuning (bezeg) bukjasyny yglan etdi. Çaklamalara görä, täze elementler bilen bäş litrlik V8 hereketlendirijisiniň kuwwaty azyndan 300 at güýç artdyrylyp, 800 at güýjüne çenli ýeter diýip, Carscoops habar berýär...
Ford kompaniýasy Awstraliýanyň bazary üçin Ranger pikabyny we Everest wnedorožnigini täzeledi. Bu täze modeller öz segmentlerinde esasy bäsdeşleriniň: täze Toyota Hilux-yň we Nissan Navara-nyň yzýany bazara çykarylýar...
Los-Anjelesdäki awtosalonda “Demirgazyk Amerikada ýylyň awtomobili – 2026” – NACTOY baýragynyň finalçylary yglan edildi. Bäsleşigiň düzgünleri boýunça, üç kategoriýanyň – ýeňil awtomobiller, pikaplar we esasan, krossowerleri öz içine alýan utilitar ulag serişdeleri kategoriýalarynyň her birinde üç finalçy yglan edildi...
Ford kompaniýasy Focus modelini öndürmegi bes etdi. Hetçbegiň dördünji nesliniň ömür kerweni tamamlandy: iň soňky awtoulag Germaniýanyň Zarlui şäherindäki zawodynda önümçilik konweýerinden düşdi. Focus-yň ST sport wersiýasyny ýygnamaklyk hem güýzde şol ýerde tamamlanypdy...
Täze Ford F-250 Super Duty dünýäde iň çalt dizel pikaby bolup, täze rekord goýdy. 6,7 litrlik Power Stroke V8 hereketlendirijisi bilen işleýän High Output wersiýasy 500 at güýjüni we 1626 Nm torky öndürýär. Bu äpet pikap bary-ýogy 5,5 sekuntda 100 km/sag tizlige çykýar — bu görkeziji Honda NSX sport awtoulagynyň netijesi bilen deňdir...
Ford kompaniýasy 2026-njy ýylyň täzelenen Bronco hataryny tanyşdyrdy. Täze ýylyň modeli üçin Heritage Edition wersiýasyna täze hereketlendiriji we awtomatiki geçiriş ulgamy goşuldy. Indi retro görnüşli wnedorožnigi 2,3 litrlik EcoBoost I4 turbo hereketlendiriji bilen we 10 tizlikli awtomat geçiriş bilen sargyt edip bolýar...
JD Power agentliginiň Hytaýdaky bölümi 2025-nji ýylyň benzin bilen işleýän iň ygtybarly awtoulaglarynyň reýtingini çap etdi. Barlaga 2021-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda awtoulag satyn alan 22 900 sürüji gatnaşdy...
Bütin dünýäde awtoöndürijiler çip ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi azaldýar ýa-da azaltmagy meýilleşdirýär. Pudakda üpjünçilik zynjyryna awtomobil çiplerini öndürýän Nexperia kompaniýasynyň töwereginde Niderlandlar bilen Hytaýyň arasynda ýüze çykan dawa zyýan ýetirdi diýip, Bloomberg habar berýär...
Ford kompaniýasy ýelini goýberen tekerleri anyklap, olary çalyşmaga kömek etjek ulgam üçin patent almaga arza berdi. 0319733 belgili arza 2024-nji ýylyň ýazynda tabşyryldy, ýöne diňe häzir çap edildi. Ulgam tekerde basyşyň pese gaçandygyny hasaba alýan sensorlary ulanýar...
Ford amerikan awtoöndürijisi ABŞ-da tas 625 müň ulagyň yzyna gaýtarylýandygyny habar berdi. Munuň sebäbi howpsuzlyk kemeriniň we yzyny görkezýän kameranyň monitorynyň işindäki näsazlyk boldy diýip, ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasyna (NHTSA) salgylanyp, Reuters habar berýär...
Ford Motor kompaniýasy taryhynda ilkinji gezek öz kolleksiýasyndaky awtomobilleriň birini satmak kararyna geldi. 18-nji oktýabrda geçiriljek Barrett-Jackson auksionyna 2006-njy ýylyň 3-nji belgili Ford GT Heritage Edition modeli çykarylar...
Ford kompaniýasy Hytaýda Basecamp atly Bronco krossoweriniň täze wersiýasy üçin sargytlary kabul edip başlady. Model ýerli bazar üçin ýörite döredildi we syýahaty söýüjiler üçin niýetlenýär diýip, Carscoops ýazýar...
Ford Zone Lighting töwerekleýin yşyklandyryş ulgamy bilen 2025-nji ýylyň täzelenen Expedition ulagyny hödürledi. Yşyk ulgamy indi dört zolagy – awtomobiliň öňüni, yzyny we gapdallaryny öz içine alyp, ulagyň perimetri boýunça deňölçegli yşyklandyryşy üpjün edýär diýip, Car and Driver habar berýär...