Täze batareýaly Ford Explorer 444 kilometre çenli ýol geçip başlady

  • 17.03.2026 20:44
  • 3.1k+

Ford kompaniýasynyň Ýewropa bölümi Explorer elektrik krossoweriniň täzelenendigini mälim etdi. Döwrebaplaşdyrmadan soň, awtoulag täze batareýa, artdyrylan ýol aralygyna we goşmaça funksiýalara eýe boldy. Ýewropa ýurtlarynda bu model üçin sargytlar eýýäm kabul edilip başlandy.

Explorer-iň binýatlyk (baza) wersiýasynda indi göwrümi 58 kWt·sag bolan litiý-demir-fosfat batareýasy ulanylýar. Bu batareýa bilen awtoulag 444 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Mundan ozal bu görkeziji 378 kilometre deňdi.

Binýatlyk wersiýanyň hereketlendirijisiniň güýji takmynan 20 at güýji artdy we indi 190 at güýjüne, aýlaw pursady bolsa 350 Nm-e ýetýär. Ulagyň 0-dan 100 km/s tizlige ýetmek wagty 8,7 sekuntdan 8,0 sekunda çenli gysgaldy.

Krossower, şeýle-de, mediasistemasynyň täzelenen programma üpjünçiligini we batareýa daşarky elektrik enjamlaryny birikdirmäge mümkinçilik berýän Pro Power Onboard funksiýasyny aldy. Sürüjä kömekçi ulgamlar toplumy hem giňeldildi: awtomatiki parkowka, sürüjiniň ünsüni gözegçilikde saklaýan ulgam goşuldy, adaptiw kruiz-kontrol bolsa indi swetoforyň yşyklaryny seljerip bilýär.

Ýewropada Explorer-iň 340 at güýjüne çenli we bir zarýad bilen 602 kilometre çenli ýol geçýän wersiýalary hem elýeterlidir.

Modeliň bahasy 39,9 müňden 56,9 müň ýewra çenli aralykdadyr.


şu gün 08:19
528

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

şu gün 01:38
2.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
8.7k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
4.9k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......