Ford Escape krossoweriniň önümçiligini tamamlady

  • 28.12.2025 23:47
  • 3.6k+

Ford kompaniýasy Louisville Assembly Plant zawodynda Escape krossoweriniň önümçiligini tamamlady. Modeliň iň soňky nusgasy konweýerden düşdi we zawodyň işgärleri awtoulagyň kuzowyna ýadygärlik gol çekdiler.

Soňky awtoulag çykanyndan soňra, hünärmenler köne önümçilik liniýalaryny söküp başladylar: Luiswilldäki zawod döwrebaplaşdyrylar. Ford täze, köpugurly EV platformasynda orta ölçegli elektrik pikabyny öndürmek üçin zawody täzeden enjamlaşdyrmaga takmynan 2 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Elektrik ulaglarynyň önümçiligine 2027-nji ýylda başlanmagyna garaşylýar.
Zawodyň gurluşygynyň üýtgedilmegi işgärlere hem täsir eder: 2000-e golaý işgär takmynan 10 aýlap wagtlaýyn işsiz galar. UAW kärdeşler arkalaşygy işgärlere bölekleýin tölegleri amala aşyrar we wagtlaýyn iş tapmakda kömek berer.
Önümçiligiň durmagyna garamazdan, dilerleriň ambarlarynda 2026-njy model ýylynyň awtoulaglary (esasan hem Active toplumy) heniz hem bar. Şeýle-de bolsa, täze Escape modelleri CARB ekologiýa kadalary berk bolan ştatlara iberilmez.
Escape modeli bilen bir platformada öndürilýän Lincoln Corsair-iň hem önümçiligi bes edilýär. Ol CARB düzgünleri hereket edýän sebitlerde esasan PHEV gibrid görnüşinde hödürlener.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....