Ford Bronco wnedorožniginiň arzan we sport görnüşini hödürledi

  • 18.01.2026 11:10
  • 2.9k+

Ford kompaniýasy Detroýt awtosalonynda meşhur Bronco modeliniň täze — RTR görnüşini tanyşdyrdy. Ýolsuz ýerlerde ýokary tizlikde sürmek üçin niýetlenen bu awtomobil has gymmat bahaly Bronco Raptor modeline has elýeterli alternatiwa hökmünde hödürlenilýär.

Tehniki aýratynlyklary we tapawudy:

  • Hereketlendiriji: 418 at güýji bolan 3,0 litrlik V6 hereketlendirijili Raptordan tapawutlylykda, Bronco RTR 300 at güýjüne eýe bolan 2,3 litrlik dört silindrli turbo-hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr.
  • Agramyň paýlanyşy: Has ýeňil hereketlendiriji öň oka düşýän agramy azaldýar. Inženerleriň hasaplamalaryna görä, bu çylşyrymly ýolsuz ýerlerde ulagyň deňagramlylygyny we dolandyryşyny has-da gowulandyrýar.
  • Tehnologiýa: Ulagda Raptordan alnan ýörite sowadyş ulgamy we turbonynyň işini çaltlandyrýan antilag ulgamy bar.

Dizaýn we enjamlaşdyryş: Bronco RTR standart görnüşde ýerden beýikligi ýokarlandyrylan asma ulgamy (podweska) we 33 dýuýmlyk tekerler bilen üpjün edilýär. Müşderiler goşmaça töleg arkaly Sasquatch bukjasyny satyn alyp bilerler. Bu bukja 35 dýuýmlyk äpet tekerleri we meşhur FOX amortizatorlaryny öz içine alýar. Ulagyň daşky keşbi täze diskler, kuzowdaky ýörite grafikalar we sarymtyl-ýaşyl (lime) reňkli bezeg elementleri bilen tapawutlanýar.
Bahasy we sargytlar: Bronco RTR-iň resmi bahasy heniz doly anyklanmady, emma bilermenler onuň 50 000 — 55 000 dollar aralygynda boljakdygyny çaglaýarlar. Deňeşdirme üçin: Bronco Raptor-yň bahasy takmynan 80 000 dollardan başlanýar.
Täze model üçin sargytlar şu ýylyň ahyryna çenli açylar.


19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....