Ford 27 ýyldan soň meşhur modelini öndürmegi bes edýär

  • 23.11.2025 21:03
  • 2.8k+

Ford kompaniýasy Focus modelini öndürmegi bes etdi. Hetçbegiň dördünji nesliniň ömür kerweni tamamlandy: iň soňky awtoulag Germaniýanyň Zarlui şäherindäki zawodynda önümçilik konweýerinden düşdi. Focus-yň ST sport wersiýasyny ýygnamaklyk hem güýzde şol ýerde tamamlanypdy.

Autocar-yň belleýşi ýaly, kompaniýa önümçiligiň bes edilýändigi barada resmi beýanat bermändi, ýöne zawodyň işgärleri sosial torlarda gynanç bilen ulagy çykarmaklygyň bes edilendigini habar berdiler. Zawodyň geljegi näbelli görünýär: ol ýerde indi awtoulag öndürilmeýär, zawoda bolsa entek täze alyjy tapylmady.
Ford-uň Focus-dan ýüz öwürmek meýilnamasynyň bardygy eýýäm 2022-nji ýylda mälim bolupdy. Şol wagt kompaniýa öz modelleriniň elektrikleşdirilmegine we has girdejili ugurlara — esasan-da krossowerlere üns berýändigini yglan etdi. Mundan öň, 2023-nji ýylda kompaniýa başga bir meşhur model bolan Ford Fiesta-nyň önümçiligini hem bes edipdi.
Focus-yň mirasdüşeri 2027-nji ýylda çykar diýlip garaşylýar. Deslapky maglumatlara görä, ol iki görnüşde: gibrid hereketlendirijili we doly elektrik hereketlendirijili bolar.
1998-nji ýylda öndürilip başlanaly bäri, dünýäde 12 milliondan gowrak Ford Focus awtoulagy satyldy.


05.06.2026 15:49
3.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
2.8k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....