Ford Mustang güýji 800 at güýjüne çenli artdyrylan zawod týuning bukjasyny alar

  • 10.12.2025 11:42
  • 3.1k+

Ford amerikan awtoulag öndürijisi hereketlendirijiniň güýjüni ep-esli artdyrjak meşhur Mustang modeli üçin zawod týuning (bezeg) bukjasyny yglan etdi. Çaklamalara görä, täze elementler bilen bäş litrlik V8 hereketlendirijisiniň kuwwaty azyndan 300 at güýç artdyrylyp, 800 at güýjüne çenli ýeter diýip, Carscoops habar berýär.

Çeşmäniň maglumatyna görä, esasy hökmünde Ford Mustang FP800 S Bronze Magneride atly ýörite wersiýasy alnar. Bu wersiýa SEMA-2025 sergisi üçin işlenip düzülen bolup, umumy ulanyş ýollarynda ulanmaga uýgunlaşdyrylar. Bu toplum iň güýçli köpçülikleýin öndürilýän Mustang-da 500 at güýjüni öndürýän 5,0 litrlik V8 üçin uly super zarýad beriji, ýörite çykaryş ulgamy we birnäçe beýleki üýtgeşmeleri öz içine alýar. Mundan başga-da, kupe peseldilen asmany we kosmetiki gowulandyrmalary hem alar.
Ýörite wersiýanyň daşky görnüşinde radiatoryň gözenegine goýlan bölekler we 19 dýuýmlyk teker diskalary ýaly bürünç reňkdäki elementler bar.
Mustang Dark Horse modelinden alnan öňki splitter we ganat bilen awtoulagyň aerodinamikasy gowulandyrylýar.
Salonda degişli nyşanlardan başga-da, Recaro sport oturgyçlary oturdylýar.
Carscoops neşiriniň tassyklaýmagyna görä, täze zawod týuning-kit bilen üpjün edilen Ford Mustang awtoulagy öndürijiniň resmi kepilligini saklar.
Bu bukjanyň bahasy entek yglan edilmedi. Şol bir wagtyň özünde, Bronco modeli üçin meňzeş Sinister Bronze bukjasy goşmaça 5200 dollara düşýär, ýöne ol hereketlendirijiniň döwrebaplaşdyrylmagyny öz içine almaýar.


05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.6k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....