Dokuz model Demirgazyk Amerikada “Ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň finalyna çykdy

  • 25.11.2025 16:46
  • 5.3k+

Los-Anjelesdäki awtosalonda “Demirgazyk Amerikada ýylyň awtomobili – 2026” – NACTOY baýragynyň finalçylary yglan edildi.

Bäsleşigiň düzgünleri boýunça, üç kategoriýanyň – ýeňil awtomobiller, pikaplar we esasan, krossowerleri öz içine alýan utilitar ulag serişdeleri kategoriýalarynyň her birinde üç finalçy yglan edildi. Ahyrky sanawa Dodge, Honda, Nissan, Ford, Ram, Hyundai we Lucid brendleriniň dokuz modeli girdi.


Ýeňil awtomobiller kategoriýasynda finala Dodge Charger, täzelenen Nissan Sentra we Honda Prelude kupesi girdi.
Pikaplaryň arasynda ýeňiş üçin Ram markasynyň iki modeli – agyr 2500 we V8 hereketlendirijili kuwwatly 1500 Hemi bäsleşer. Üçünji finalçy Ford Maverick Lobo boldy.


Gysga sanaw hödürlenenden soň, Demirgazyk Amerikanyň iň gowy krossoweri adyny elektrikleşdirilen modeliň aljakdygy belli boldy. Utilitar ulag serişdeleri kategoriýasynda öňdebaryjylaryň üçlügine elektrik Lucid Gravity we Nissan Leaf, şeýle-de gibrid Hyundai Palisade girdi.
NACTOY baýragynyň eminleri ABŞ-nyň we Kanadanyň awtomobil žurnalistlerinden ybarat. Bäsleşigiň jemi 14-nji ýanwarda Detroýtdaky awtosalonda yglan ediler. Mundan bäş gün öň bolsa Ýewropada iň gowusy hökmünde diňe bir modeli saýlaýan şeýle bäsleşigiň ýeňijisi belli bolar. 


08.06.2026 16:02
1.8k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.5k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.1k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

05.06.2026 15:49
4.5k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....