Ford programma üpjünçiligindäki säwlik sebäpli 4,3 milliondan gowrak ulaglaryny yzyna çagyrýar

  • 03.03.2026 14:29
  • 2.9k+

Ford konserni 4 380 609 awtomobili öz içine alýan giň gerimli hyzmat ediş kampaniýasyny yglan etdi. Yzyna çagyryş dürli modellerdäki pikaplary, wnedorožnikleri we furgonlary öz içine alýar. Mesele tirkeg çekilen wagty ýüze çykýan programma säwligi bilen baglanyşyklydyr.

Bu näsazlygy mart aýynda başlanjak simsiz programma täzelenmesi (OTA update) arkaly aradan aýyrmak meýilleşdirilýär.

Tirkegiň elektrik enjamlarynyň awtomobiliň ulgamyna birikdirilende ýüze çykýan bökdençlik sebäpli, tirkegiň tormoz yşyklary (stop-signallar) we öwrüm görkezijileri işlemän galyp bilýär. Ford we Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň Milli administrasiýasy munuň ýol-ulag hadysasynyň töwekgelçiligini artdyrýandygyny belleýärler. Şeýle hem bu ýagdaý ulaglaryň tehniki talaplara laýyk gelmezligine sebäp bolýar.

Yzyna çagyryşa degişli modelleriň aglabasy F-seriýasy, Maverick we Ranger pikaplary bolup durýar. Şeýle hem Expedition we Navigator wnedorožnikleri, E-Transit furgonlary degişli.

Bu awtomobilleriň ählisi 2022-nji we 2026-njy ýyllar aralygynda öndürilen ulaglardyr.

Ford bu mesele bilen bagly 400-den gowrak kepillik ýüz tutmasyny hasaba aldy. Ýol-ulag hadysalary barada maglumat ýok. Motor1 neşiriniň habar bermegine görä, bu eýýäm ýylyň başyndan bäri konserniň onunjy hyzmat ediş kampaniýasydyr.


şu gün 09:56
394

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.8k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....