Ford awtoulaglary sürüjä sözsüz – ýüzüniň we dodaklarynyň hereketlerinden düşüner

  • 14.04.2026 00:04
  • 2.8k+

Ford kompaniýasy sürüjiniň dodaklarynyň hereketi boýunça buýruklaryny okap bilýän innowasion ses dolandyryş ulgamyny işläp düzýär. Bu tehnologiýa kabrioletlerde we üsti açyk wnedorožniklerde sesiň tanalmagyna köplenç päsgel berýän zenzele meselesini çözmäge gönükdirilendir diýip, 32Cars portaly habar berýär.

Ulgam awtoulagyň ýagdaýyny we daşarky ses päsgelçiliginiň derejesini awtomatiki usulda anyklaýar. Sesiň derejesi kadadan çykanda, ýörite režim işjeňleşdirilýär: mikrofonlar toplumy ýeliň sesini süzgüçden geçirýär we bortdaky kameralar bolsa buýruklary takyk düşündirmek üçin sürüjiniň dodaklarynyň hereketlerini seljermäge başlaýar.

Bu işläp düzülişiň ýene bir aýratynlygy emosional seljermäniň birikdirilmegidir. Kameralar adamyň ýüz keşbiniň aňladýan manysyny yzarlaýar: gaharlanma ýa-da nägilelik ýüze çyksa, ulgam öz hereketini sazlaýar, mysal üçin, sözleýiş depginini haýalladýar ýa-da dinamikleriň sesini gataldýar.

Şeýlelik bilen, dolandyryş interfeýsi sürüjiniň diňe bir sözlerine däl, eýsem onuň emosional reaksiýalaryna hem uýgunlaşýar.


şu gün 08:16
1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 09:56
6.4k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......