Dodge Charger we Hyundai Palisade «Demirgazyk Amerikada ýylyň awtomobilleri» boldy

  • 16.01.2026 09:07
  • 2.9k+

Detroýtda geçirilen Demirgazyk Amerikanyň halkara awtosalonynda «Demirgazyk Amerikada ýylyň awtomobili 2026» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Şu ýyl baş baýraklary Dodge Charger, Ford Maverick Lobo we Hyundai Palisade aldy.

Dabara çarşenbe güni irden geçirildi, ýeňijiler ABŞ-dan we Kanadadan öňdebaryjy awtomobil žurnalistlerinden ybarat eminler topary tarapyndan saýlandy diýip, AP habar berýär.
Baş baýraklar şeýle görnüşde paýlandy:
Ýylyň awtomobili: Dodge Charger

Ýylyň ýük ulagy: Ford Maverick Lobo

Ýylyň utilitar awtomobili: Hyundai Palisade

 

Hünärmenler awtoulaglara ösen innowasiýalar, dizaýn, öndürijilik, howpsuzlyk we sürmekde rahatlyk ýaly görkezijiler boýunça baha berdi.
Ýeňil ulaglaryň kategoriýasynda Dodge Charger gibrid Honda Prelude kupesinden we ykjam Nissan Sentra-dan öňe geçdi. Ýük ulaglarynyň arasynda Ford Maverick Lobo ulagy Ram 1500 Hemi we Ram 2500 pikaplaryndan üstün geldi. Hyundai Palisade bolsa utilitar awtomobilleriň segmentinde Lucid Gravity we Nissan Leaf ýaly elektrik hereketlendirijili bäsdeşlerinden öňe geçdi.
Bu baýraklar Demirgazyk Amerikada iň abraýlylaryň biri hasaplanýar we hünärmenleriň baha bermeginde alyjylara täze modelleri saýlamaga kömek edýär. 


19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......