Более миллиона Ford F-150 могут попасть под масштабный отзыв

  • 04.02.2026 08:44
  • 3k+

ABŞ-nyň Ýollarda hereketiň howpsuzlygy baradaky milli dolandyryş edarasy (NHTSA) 2015-nji we 2017-nji ýyllar aralygynda öndürilen Ford F-150 pikaplarynyň tehniki ýagdaýy boýunça barlag işlerine başlady. Bu barlag takmynan 1,27 million awtoulaga degişlidir.

Ulag eýeleri 6 basgançakly 6R80 awtomat transmissiýasynyň garaşylmadyk we howply hereketleri barada habar berýärler. Ýokary tizlikde barýan ulagyň karobkasy sürüjiniň buýrugy bolmazdan, öz-özünden birden birinji ýa-da ikinji tizlige geçip bilýär. Bu bolsa ulagyň birden haýallamagyna we yzky tekerleriň bentlenmegine sebäp bolup, ulagyň ýoldan çykmak (taýmak) hem-de heläkçilige uçramak töwekgelçiligini artdyrýar.
Deslapky maglumatlara görä, bu kemçilik aşakdaky sebäpler bilen baglanyşyklydyr:

  • Elektrik birikmeleri: Transmissiýanyň içindäki tok geçiriji çarçuwalaryň elektrik birikmeleri wagt geçdigiçe könelýär.
  • Daşky täsirler: Ýokary temperatura we titreme kontaktlara zeper ýetirip, tizlik datçiginiň signalynyň ýitirilmegine getirýär.
  • Howply ýagdaý: Ýokarylygyna yza basyp gidilende, transmissiýanyň awtomatiki usulda «neýtral» ýagdaýa geçip, pikapyň öňe tigirlenip başlaýan halatlary hem hasaba alyndy.

Käbir sürüjiler klapan bloklaryny ýa-da simleri çalşyp, bu meseläni özbaşdak çözmäge synanyşsalar-da, kemçilik köplenç gaýtalanypdyr. Ford kompaniýasy bu ýagdaýyň öňki yza çagyryşlardan tapawutlanýandygyny aýtdy. Eger federal inženerler gurluşda düýpli kemçiligiň bardygyny tassyklasalar, Ford öz taryhynda iň uly yza çagyryşlaryň birini amala aşyrmaly bolar.


05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford отзывает почти 420 тысяч автомобилей из-за дефекта ремней безопасности

Ford Motor объявила отзыв 419 967 автомобилей в США из-за возможной неисправности ремней безопасности, которая может повысить риск получения травм при дорожно-транспортных происшествиях....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda возглавила рейтинг лучших автомобилей для молодых водителей

В ежегодном рейтинге самых безопасных автомобилей для подростков, подготовленном американскими организациями IIHS и Consumer Reports, лидером неожиданно стала Mazda....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 побил рекорд скорости среди электрокаров в драг-рейсинге

Ford Mustang Cobra Jet 2200 от компании Ford Motor Company установил новый мировой рекорд среди электрических автомобилей в драг-рейсинге. Машина прошла дистанцию в четверть мили (402 метра) за 6,87 секунды и......

27.04.2026 19:03
3.6k+

Ford Mustang хотят превратить в четырехдверный седан

Ford ведет разработку четырехдверной версии культового Mustang. Она может поступить в продажу к 2028 году под вероятным названием Mach 4....