Ford awtoulagy meteostansiýa öwürýän tehnologiýany patentledi

  • 18.04.2026 07:14
  • 2.5k+

Ford kompaniýasy brendiň geljekki modellerine howany takyk çaklamaga mümkinçilik berjek howa şertlerini kesgitleýji innowasion ulgam üçin patent aldy. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda berlen patent resmi taýdan 2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde çap edildi.

Bu tehnologiýa sürüjilere häzirki ýerleşýän ýerlerinde ygal we temperatura baradaky maglumatlary gönüden-göni bermek arkaly, ortaça howa şertlerine degişli çaklamalary bilmek meselesini çözmegi maksat edinýär.

Ulgam köpçülikleýin maglumatlary ýygnamak ýörelgesi esasynda işleýär: ulagyň datçikleri daşky gurşawyň parametrlerini ýazga alýar we olary beýleki ulaglary birleşdirýän umumy tora iberýär. Bu bolsa ýoluň gysga aralyklarynda hem ep-esli tapawut berip biljek howa şertleriniň şol wagtky ýagdaýyny bir şekile getirmäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýa bu köpçülikleýin seljeriş modeliniň sürüjilere howanyň ýagdaýynyň üýtgemegine çalt jogap bermäge kömek etjekdigini nygtaýar.

Täze patent Ford-uň awtoulaglaryň arasynda maglumat alyş-çalşygy babatda öň yglan eden pikirlerini, şol sanda sürüjileriň maglumat ýygnamaga gatnaşmagy üçin mümkin bolan höweslendirme ulgamlaryny giňeldýär. Şeýle çözgütler 2026-njy ýylyň awtoulaglaryna ornaşdyrylyp bilinse-de, Ford-uň wekilleri patent bellige almagyň intellektual eýeçiligi goramak üçin standart tejribedigini belleýärler. Bu tehnologiýanyň önümçilige ornaşdyryljakdygyny kepillendirmese-de, brendiň tehnologiýa taýdan ösüş ugruny aýdyň görkezýär.


şu gün 09:56
1.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....