Toyota täze Tundra TRD Hammer pikapyny taýýarlaýar: ol Ford F-150 Raptor-yň bäsdeşi

  • 21.03.2026 00:08
  • 5.6k+

Toyota kompaniýasy Tundra pikapynyň täze, has ekstremal görnüşini taýýarlaýar. Ol TRD Hammer diýlip atlandyrylar. Bu barada ABŞ-nyň Patent we söwda belgileri edarasynyň maglumatlaryna salgylanýan The Drive neşiri habar berdi.

Modeliň çykaryljak senesi heniz belli edilmedi.

Neşiriň öz çeşmeleri ýylyň başynda Toyota-nyň Amerikadaky bölüminiň müşderilerinden täze model üçin at saýlamagy sorap, olaryň arasynda pikirsoraşma geçirendigini habar berýär. Teklip edilen görnüşleriň arasynda TRD Baja, TRD Quake we TRD Iron bar. Modeliň düşündirişinde uzak ýolda hereket edýän asma ulgamy, 37 dýuýmlyk tekerleri, ýerden beýikligi ýokarlandyrylan we ýolsuz ýerlerde ulanmak üçin niýetlenen güýçli hereketlendirijisi bolan pikap ýük awtoulagy beýan edilýär.

Täze Tundranyň Ford F-150 Raptor bilen bäsleşmegine garaşylýar. Çeşmeler modeliň hakykatdanam işlenip düzülýändigini we has uly wnedorožnik şinalaryna eýe boljakdygyny tassyklaýarlar, ýöne onuň tehniki häsiýetnamalary heniz mälim edilmedi.

Pikap işlenip düzülende ýolsuz ýerlerde ýaryşmakda ulanylýan çözgütleri, mysal üçin, Mint 400-i öz içine alyp biler. Täze modeliň ady ABŞ-da meşhur bolan King of the Hammers bäsleşigi bilen hem baglanyşykly bolup biler.

“Toyota” kompaniýasy “Land Cruiser FJ”-iň täze görnüşini hem göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda bu model benzinli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan, ýöne geljekde Hilux-dan dizel hereketlendirijisini alyp biler.


16.06.2026 09:57
5.7k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......