Ford kompaniýasy Mustang Mach-E-niň öňdäki bagažyny tölegli etdi

  • 28.02.2026 16:01
  • 5.3k+

Ford kompaniýasy 2026-njy ýylyň modeli bolan Mustang Mach-E elektrik krossoweriniň gurnama bölümini täzeledi. Şoňa görä, indi öňdäki goşhana standart enjamlaşdyrmanyň düzüminden aýryldy we tölegli bölege öwrüldi. Indi ony ulanmak isleýän alyjylar goşmaça 495 dollar möçberinde töleg tölemeli bolarlar.

Bu üýtgeşmeler Ford-uň 2025-nji ýylda ABŞ-da rekord derejedäki yzyna çagyryş kampaniýalarynyň täsirinde yglan edildi. Kompaniýa ýylyň dowamynda öz awtoulaglaryny 152 gezek yzyna çagyrdy.

Ford bu karary alyjylaryň hereketleri bilen bagly derňew netijelerine esaslanýar. Kompaniýa ulag eýeleriniň köpüsiniň öňdäki goşhanany ulanmaýandygyny, onuň esasy toplumdan aýrylmagynyň bolsa önümçilik çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berýändigini belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, bahalaryň täzeden paýlanmagy deňagramly bolmady. GT wersiýasy takmynan 1000 dollar arzanlady, ýöne modeliň başlangyç bahasy tas üýtgemedi we 37 795 dollar möçberinde galdy.

Spesifikasiýalarda başga-da düzedişler hasaba alyndy. Salonyň içinden öňdäki oturgyçlaryň arkasyndaky kart goýulýan jübüjikler aýryldy. Mach-E Rally wersiýasy standart spoýlerden we özboluşly grafik şekillerden mahrum boldy. Indi olar hem öňdäki bagaž ýaly, goşmaça töleg bilen elýeterlidir. «Bronze Appearance» daşky bezeg bukjasy bolsa doly aýryldy.

Ulagdaky ýeke-täk täze element arka gapylardaky kiçijik el tutawaçlar boldy.


şu gün 09:56
394

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.8k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....