7.7k+

Daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazowy daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşatdy. Babanyýazow bu wezipäni 2023-nji ýylyň iýul aýyndan bäri ýerine ýetirýärdi...

15k+

Ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş toplumyna täze wise-premýer bellenildi

Baýramgül Orazdurdyýewa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumyna jogap berýän orunbasary wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gelen bu karary barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

13k+

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna gözegçilik edýän täze wise-premýer bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary Batyr Amangeldiýewiç Amanowy wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutany bu çözgüdi Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda yglan etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

1.7k+

Oguz han adyndaky TITU-da geçirilen forum türkmen-awstriýa ylmy barlaglarynyň netijelerini görkezdi

Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Ylymda halkara hyzmatdaşlygy — ählumumy ösüşiň möhüm şerti» atly ylmy-amaly onlaýn maslahat geçirildi. Forum türkmen ýokary okuw mekdebi bilen Graz tehniki uniwersitetiniň (Awstriýa) Elektronika institutynyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda daşary ýurtly hyzmatdaş uniwersitetler bilen bilelikde guraldy...

8.4k+

ÝB ýewronyň ornuny güýçlendirmek we dollary gysyp çykarmak meýilnamasyny taýýarlaýar

Ýewropa zolagyna girýän ýurtlaryň maliýe ministrleri halkara hasaplaşyklarynda we bergi borçnamalaryny çykarmakda ýewronyň ornuny giňeltmek boýunça strategiýalary öwrener. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Ýewropa Bileleşigi ABŞ we Hytaý bilen bäsdeşligiň ýitileşýän şertlerinde maliýe özbaşdaklygyny berkitmäge we dollara bolan garaşlylygy azaltmaga çalyşýar...

2.5k+

Tahyr Ataýewiň orkestri 26-27-nji fewralda «Mult-konsertini» geçirer

26-27-nji fewralda dirižýor Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr «Mult-konsertini» geçirer. Sazly çäre Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda bolar. Guramaçylar Disney we Pixar studiýalarynyň häzirkizaman meşhur multfilmlerini Netflix-iň meşhur seriallarynyň sazlary bilen utgaşdyrýan täsirli programmany taýýarlady: Tropiki joşgun: «Moana» multfilmdäki adalaryň owazlary...

3.4k+

Ankarada «Kompozitor» atly türkmen filmi görkeziler

17-nji fewralda Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeniýet merkeziniň «İnce Memed» zalynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen «Kompozitor» filminiň görkezilişi bolar. Bu çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guralýar...

6k+

Türkmenistanyň ilçisi Tailandyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

10-njy fewralda Bangkok şäherinde Tailand Patyşasynyň Köşgünde (Amphorn Royal Palace) Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M. Maşalow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ynanç hatlaryny gowşurdy...

27k+

«Al-Nasr» bir gol tapawut bilen «Arkadag» futbol toparyndan üstün çykdy

AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finaly tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary Aşgabatda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubuny kabul etdi. Paýtagtyň Olimpiýa stadionynda geçirilen oýun 0:1 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy...

5.6k+

Serdar Berdimuhamedow Eýrany milli baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Bu barada TDH habar berýär...

3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär...