Serdar Berdimuhamedow Eýrany milli baýramy bilen gutlady

  • 11.02.2026 11:52
  • 5.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany öz ýüzlenmesinde Türkmenistan bilen Eýrany köpasyrlyk gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi. Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Masud Pezeşkiana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Eýranyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.


düýn 11:41
3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......