Buharestde Türkmenistanyň ilçisiniň Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary bilen duşuşygy boldy

  • 12.02.2026 18:53
  • 2k+

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A. Annaýewiň Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary Anna Tinka bilen duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşler türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Özara hormata we ynama esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigi, şeýle hem taraplaryň syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.
Ykdysadyýet we ulag ulgamlaryndaky özara hereketlere, parlamentara gatnaşyklara, şeýle hem konsullyk hyzmatdaşlygy meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar bar bolan gepleşik mehanizmlerini netijeli ulanmagyň ähmiýetini nygtady we olaryň işini işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine we Türkmenistanyň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna hem garaldy.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge özara taýýarlyk tassyklanyldy.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......