«Al-Nasr» bir gol tapawut bilen «Arkadag» futbol toparyndan üstün çykdy

  • 11.02.2026 21:04
  • 27k+

AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finaly tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary Aşgabatda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubuny kabul etdi. Paýtagtyň Olimpiýa stadionynda geçirilen oýun 0:1 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy.

Oýna stadionda 45 müň adam tomaşa etdi. 
Ýeke-täk goly 19-njy minutda «Al-Nasryň» täze oýunçysy Abdulla Al-Hamdan geçirdi. Ol fewral aýyndan öň Saud Arabystanynyň beýleki bir topary bolan «Al-Hilýalyň» düzüminde çykyş edýärdi.

Duşuşygyň dowamynda «Arkadagyň» futbolçylary garşydaşyň derwezesine birnäçe hüjüm gurnadylar, emma hasaby deňlemek olara başartmady. Oýnuň iki ýarymynyň hem ahyrynda «Arkadag» toparynyň öz derwezesinde has howply hüjümler bolup geçdi, emma derwezeban Resul Çaryýew agyr urgulardan soň topuň ugruny üýtgetmegi başardy. 
Ýeri gelende, «Al-Nasryň» Aşgabada özüniň esasy ýyldyzlaryny getirmändigini ýatladyp geçeliň. Oýundan öňki metbugat maslahatynda toparyň baş tälimçisi Žorže Žezuş munuň sebäbi baradaky soraga «oýunçylaryň güýjüni tygşytlamaly» bolýanlygy bilen düşündirdi.
Toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy geljek hepde, 18-nji fewralda Er-Riýad şäherinde geçiriler.


düýn 23:46
1.6k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.7k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.2k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......