Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

  • 11.02.2026 11:51
  • 3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda Türkiýäniň Prezidentiniň geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan foruma gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarandygy bellenildi. Döwlet Baştutany Türkiýäniň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň we strategik hyzmatdaşlaryň biridigini nygtap, Aşgabatda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň ähmiýetine ýokary baha berdi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada durup geçmek bilen, taraplar Türkiýäniň Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlary eýeleýändigini we özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygyny tassyklady. Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň maýa goýumlary çekmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary ýokary derejä çykarmaga we türk kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge itergi berjekdigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze tekliplerine seretmäge we netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady. Taraplar doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de rowaçlanjakdygyna ynam bildirdi.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.7k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......