Türkmen wekiliýeti Berlinde «MA – Germaniýa» görnüşindäki duşuşyga gatnaşdy

  • 12.02.2026 15:04
  • 4.2k+

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Germaniýanyň Federal daşary işler ministri bilen giň gerimli duşuşygy geçirildi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi.
Umumy mejlisiň dowamynda taraplar energetika hyzmatdaşlygyny we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Aýratyn üns sebit howpsuzlygyna gönükdirildi. Merkezi Aziýada we ýanaşyk sebitlerde durnuklylygy goldamak maksady bilen, syýasy-diplomatik gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi. Şeýle-de, sebitiň ýurtlarynyň çäklerinde bilelikdäki önümçilikleri, hyzmat we bilim merkezlerini döretmegiň mümkinçiliklerine seredildi.
Duşuşygyň ahyrynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan we «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyny ösdürmäge gönükdirilen Ministrleriň Berlin jarnamasy kabul edildi.
Saparyň çäginde Ahmet Gurbanow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen geçirilen bilelikdäki duşuşyga gatnaşdy.
Onda taraplar gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini we BMG-niň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetini tassyklady. Ulag, energetika, bilim, saglygy goraýyş we «ýaşyl» özgertmeler meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem şol gün türkmen diplomatynyň GFR-iň DIM-niň syýasy departamentiniň direktory Dominik Mutter bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky meseleleriň giň toplumyna garaldy.
Ahmet Gurbanow Bundestagyň Daşary işler baradaky komitetiniň başlygy Armin Laşet we sebit ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri bilen bilelikdäki duşuşyga hem gatnaşdy. Taraplar parlamentara gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berip, dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Duşuşyklaryň ahyrynda türkmen tarapy ähli esasy ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, jenap Armin Laşeti we german wekiliýetiniň agzalaryny özleri üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......