Türkmenistanyň wekilleri germaniýaly işewürler bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

  • 12.02.2026 15:05
  • 2.1k+

11-nji fewralda Berline saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň germaniýaly işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy.
Çykyşyň dowamynda türkmen tarapy germaniýaly kompaniýalar we maliýe düzümleri bilen köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlyk tejribesiniň bardygyny belledi. Bu özara gatnaşyklaryň pudaklaryň giň toplumyny öz içine alýandygy we durnukly häsiýete eýedigi nygtaldy.
Işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ulgamlaýyn işleri, şeýle hem 2025-nji ýylyň oktýabrynda Frankfurt-na-Maýn şäherinde «Türkmenistanyň ykdysadyýet günleriniň» guralandygy üçin german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetine aýratyn minnetdarlyk bildirildi.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda ulag we logistika, demir ýol düzümini döwrebaplaşdyrmak, Türkmenbaşy halkara deňiz portuny ösdürmek, şeýle-de «Gündogar–Günbatar» tranzit geçelgelerini we Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky Orta geçelgäni döretmäge germaniýaly kompaniýalaryň gatnaşmagy bellenildi.
Şeýle hem wodorod taslamalaryna we «ýaşyl özgertmelere» esaslanýan energetika, himiýa senagaty, dokma pudagy, oba hojalygy, suw hojalygy, maglumat tehnologiýalary we emeli aň özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi.
Mundan başga-da, maliýe-bank ulgamyndaky hyzmatdaşlyga we saglygy goraýyş babatdaky üstünlikli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy germaniýaly kompaniýalar bilen ikitaraplaýyn esasda hem-de «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň çäginde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......