Türkmenistanyň Baş konsuly Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

  • 11.02.2026 13:09
  • 8.9k+

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsuly B. Kabaýew (Mazary-Şarif şäheri) Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi Mohammad Ýusuf Wafa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdy. Söwda-ykdysady gatnaşyklara, ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyna, energetika ulgamyna, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara esaslanýan iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine üns berildi.
Taraplar 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda geçirilýän çäreler barada durup geçdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen bagly öňde duran wakalaryň ähmiýeti bellenildi.


şu gün 16:02
485

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......