Türkmenabatda 1-nji sentýabrda mugallymçylyk institutynyň täze okuw toplumy açylar

  • 12.02.2026 08:44
  • 12k+

Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy tamamlanýar. Desgany täze okuw täze ýylynyň başyna — sentýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Bäş müň talyp üçin niýetlenen täze binalaryň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda alnyp barylýar. Gurluşyk işlerini «Nahal» hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirýär. Toplum 26 gektar meýdany eýeleýär.

Toplumyň düzüminde 700 we 200 orunlyk mejlis zallary bolan dolandyryş-okuw binasy, fakultetleriň iki sany okuw binasy, mugallymlar üçin 12 öýli ýaşaýyş jaýy, 2000 orunlyk bäş sany talyp ýatakhanasy, 1000 orunlyk naharhana, 700 orunlyk kitaphana, 500 orunlyk stadion, sport zaly, üç sany sport meýdançasy we 200 awtoulag üçin duralga göz öňünde tutuldy. Şeýle hem hojalyk, tehniki we hyzmat ediş desgalarynyň gurluşygy meýilleşdirildi.
Häzirki wagtda esasy gurluşyk işleri tamamlandy, binalaryň içki bezeg işleri dowam edýär. Ýakyn wagtda ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Italiýadan we Türkiýeden getirilen mebelleri we enjamlary gurnamak işlerine başlanar. Şonuň bilen birlikde, toplumyň töweregini abadanlaşdyrmak işleri hem alnyp barylýar.
Täze talyp şäherçesiniň dabaraly açylyşy 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde bolar.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......