«Al-Nasr» Aşgabada geldi: Ronaldu we beýleki ýyldyzlar düzümde ýok

  • 11.02.2026 11:54
  • 26k+

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby sişenbe güni agşam Aşgabada geldi we dabaraly garşy alyndy. Çarşenbe güni saud kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda «Arkadag» toparyna garşy meýdança çykar. "Al-Nasr" ýurdumyza Kriştianu Ronaldu we beýleki esasy ýyldyzlary ýok bolan düzümi bilen geldi.


Aşgabada gelen düzümiň arasynda diňe bir Ronaldu däl, eýsem klubuň beýleki dünýä belli ýyldyzlary hem ýok: Sadio Mane, Žoau Feliks, Kingsli Koman, Marselo Brozowiç, Inigo Martines we Gabriel Anželo.
«Al-Nasr» toparynyň baş tälimçisi Žorže Žezuş geçirilen metbugat maslahatynda Türkmenistana gelendigine şatdygyny belledi. Ol «Arkadag» toparynyň gysga wagtyň içinde uly üstünliklere ýetendigini we çalt hem-de oýlanyşykly futbol oýnaýandygyny belledi. Žezuşyň aýtmagyna görä, toparyň esasy ýyldyzlarynyň gelmezligi Saud Arabystanynyň çempionatynyň we halkara bäsleşikleriň dykyz meýilnamasy bilen baglanyşyklydyr.

"Biz öňdebaryjy oýunçylarymyzy gorap saklamaly bolýarys" diýip, tälimçi düşündirdi.

«Arkadag» toparynyň baş tälimçisi Mergen Orazow bu duşuşygy öz güýçlerini barlamak üçin ajaýyp mümkinçilik diýip atlandyrdy. Toparyň goragçysy Güýçmyrat Annagulyýew bolsa duşuşykda mynasyp netije görkezjekdiklerine ynam bildirdi.

Duşuşyk Aşgabatdaky 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda geçiriler. Oýun 18:45-de başlanar.


06.03.2026 16:29
4.8k+

Amanmuhammet Hommadow ilkinji gezek küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

Aşgabatda tamamlanan küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 19 ýaşly FIDE ussady Amanmuhammet Hommadow ýeňiji boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby ilkinji gezek açyk kategoriýada birinjiligi eýelemegi başardy...

06.03.2026 10:10
15k+

Tramp Ak tamda Messini kabul etdi we onuň Peleden hem üstündigini ykrar etdi

«Inter Maýami» klubynyň hüjümçisi we kapitany Lionel Messi, Ak tamda geçirilen dabaraly kabul edişlik wagtynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Çäre klubyň Futbol boýunça ýokary ligasyndaky (MLS) ýeňşine bagyşlanyp geçirildi...

04.03.2026 11:44
8.8k+

«Atletiko» garşy salnan üç gol «Barselonany» ýurduň Kubogynyň finalyna çykaryp bilmedi

4-nji marta geçilýän gije Barselonada Ispaniýanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap oýnunda «Barselona» bilen Madridiň «Atletikosy» duşuşdy. Kataloniýalylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy, emma finala çykmak üçin bu hasap ýeterlik bolmady...

03.03.2026 15:21
6.4k+

Aşgabatda TFF-iň Kubogy ugrundaky ýaryş başlady

Şu gün, 3-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrunda geçiriljek nobatdaky ýaryş başlandy. 12-nji marta çenli dowam etjek bu ýaryşda sekiz topar çykyş eder. Geçirilen bije çekişligiň...