Türkmenistanyň ilçisi Tailandyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 12.02.2026 08:40
  • 6k+

10-njy fewralda Bangkok şäherinde Tailand Patyşasynyň Köşgünde (Amphorn Royal Palace) Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M. Maşalow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Ilçi ýurduň ýolbaşçylarynyň adyndan monarha mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Tailandyň Patyşasy diplomaty täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa işinde üstünlikler arzuw etdi, şeýle hem geljekde Türkmenistana sapar bilen barmak niýetiniň bardygyny belläp geçdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.
Dabaradan soňra ilçi Tailandyň daşary işler ministri Sihasak Phuangketkeo bilen duşuşdy. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ilçiniň diplomatik işini goldamaga we zerur bolan ýardamlary bermäge taýýardyklaryny belledi.
Taraplar Türkmenistan bilen Tailandyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamak barada ylalaşdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......