TMCell Töleg ýakynlaryňyzyň balansyna gözegçilik etmek we tiz töleg hyzmatyny hödürleýär

  • 10.02.2026 19:43
  • 13k+

Telefon belgileriniň balansyny doldurmak we dürli hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyrmak üçin niýetlenen TMCell Töleg ykjam goşundysynda täze mümkinçilikler peýda boldy.
Indi ulanyjylar diňe bir öz belgileriniň däl, eýsem ýakynlarynyň hem hasabynda näçe pul galandygyny görüp bilerler. Bu bolsa islän wagtyň olaryň hasabyny sanlyja sekuntda doldurmak mümkinçiligini döredýär.
Programma tölegleriň ýönekeýligine we tizligine aýratyn üns berýär. Bu ulgam arkaly aşakdaky hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyryp bilersiňiz:

  • Altyn Asyr öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary;
  • Wi-Fi internet hyzmatlary;
  • IPTV;
  • Belet film onlaýn kinoteatry;
  • Älem TV teleýaýlym operatory
  • Agyz suwy we jemagat hojalygy hyzmatlary.

Tölegler Türkmenistanyň islendik bankynyň bank kartlary arkaly kabul edilýär.
Ulanyjylara goşmaça amatlylyk döretmek maksady bilen, TMCell Töleg her aýyň ahyrynda, hasabyňyzda ýeterlik serişde ýok bolsa, internet tölegini girizmek barada ýatladyp, awtomatik habarnama iberýär.
Töleg ykjam goşundysyny Google Play we App Store dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.


düýn 18:39
3.2k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.1k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....