2.6k+

Türkmenistan we GIZ ekologiýa maksatnamalary boýunça täze ylalaşyklara gol çekdiler

Aşgabatda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) iki sany sebit maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamalara Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow hem-de GIZ-iň ýurdumyzdaky çäreleriniň utgaşdyryjysy bolup çykyş edýän Ýoahim Fris gol çekdiler...

3.5k+

Coursera Türkmenistanyň Bilim ministrligine bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak boýunça çözgütlerini hödürledi

27-nji oktýabrda Waşington şäherinde Coursera kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda kompaniýa bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ekosistemany hödürledi hem-de hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny görkezdi...

3.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BSG-niň forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bütindünýä Söwda Guramasy bilen Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) bilelikde guran «CAREC sebiti we köptaraplaýyn söwda ulgamy: Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda integrasiýany çuňlaşdyrmak» atly ýokary derejeli forumyna gatnaşdy...

2.7k+

Horezm welaýatynda we Daşkentde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

21-24-nji oktýabr aralygynda gadymy Horezm welaýatynda we Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Medeniýet günleriniň ýokary derejeli açylyş dabarasy 21-nji oktýabrda Horezm welaýatynyň aýdym-sazly drama teatrynda geçirildi...

2.8k+

Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we karbamidi satyn aldylar...

6.6k+

Türkmenistanly okuwçylar Panamada geçiriljek «Robotlaryň olimpiadasyna» ugradylar

Türkmen mekdep okuwçylary robototehnika boýunça halkara derejeli abraýly bäsleşik hasaplanýan "First Global Challenge 2025" ýaryşyna gatnaşarlar. «Robotlaryň Olimpiadasy» diýlip hem atlandyrylýan bu ýaryş 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli Panamada geçirilip, dünýäniň 190 döwletinden gatnaşyjylary bir ýere jemlär...

7.3k+

“Altyn Asyr” AFK-nyň Çagyryş ligasynda “Abdyş-Atany” utdy

“Altyn Asyr” futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyryna şowly başlady. Ol ilkinji oýunda “Abdyş-Ata” gyrgyz klubuny 1:0 hasabynda utdy. Oýun 25-nji oktýabrda geçirildi. Oýunda ýeke-täk goly 58-nji minutda Myrat Annaýew geçirdi...