Türkmenistan hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde ABŞ-da hemişelik bitaraplyk tejribesini görkezdi

  • 26.10.2025 09:03
  • 4.7k+

24-nji oktýabrda ABŞ-nyň Waýoming Döwlet uniwersitetiniň kampusynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň ýolbaşçylygynda we goldaw bermeginde gurnaldy.

Çärä uniwersitetiň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar düzümi, halkara bölümleriniň işgärleri hem-de talyplar gatnaşdylar. Tanyşdyryş çäresine gatnaşygyň ýokary bolmagy bitaraplygyň häzirki wagtda dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmegiň möhüm guralydygyny görkezdi diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Türkmen tarapyndan çärä ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we dil ösüşi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri çykyş etdiler. Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew hem-de Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň ilkinji sekretary-konsuly Şöhrat Pirmuhammedow gatnaşyjylara gutlag sözlerini aýtdylar.
«Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy: parahatçylygyň we diplomatiýanyň 30 ýyly» atly esasy çykyş bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň ylmy iş boýunça prorektory Selbi Batyrowa çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk binýadynyň halkara derejesinde ykrar edilişi, onuň öňüni alyş diplomatiýadaky we ynsanperwer başlangyçlardaky ornuna giňişleýin syn berdi.
Esasy çykyşdan soň sorag-jogap sessiýasy geçirildi. Onda bitaraplygyň sebitleýin hyzmatdaşlykda amaly ähmiýeti, durnukly ösüşdäki orny, jemgyýetçilik diplomatiýasy we medeni gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň bitaraplygynyň ýüze çykma taryhyna we ynsanperwer taslamalaryna bagyşlanan ýörite sergi bilen tanyşdylar. Waýoming Döwlet uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň hyzmatdaşlygy we özara düşünmegi pugtalandyrmagyň netijeli meýdançasy bolup hyzmat edýändigini bellediler.


düýn 19:38
4.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......