Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş direktory bilen duşuşdy

  • 28.10.2025 11:52
  • 3.6k+

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş direktory Dan Ýanku bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilien duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.
Diplomatlar syýasy dialogy ösdürmegiň we Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek geňeşmeleriň ähmiýeti barada aýratyn nygtadylar.
Taraplar ykdysady hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda pikir alyşdylar we bu ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.
Ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň, hususan-da Hazar we Gara deňizlerini birleşdirýän taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şeýle hem taraplar Rumyniýada ýaşaýan we okaýan Türkmenistanyň raýatlaryna degişli konsullyk meselelerine aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.


düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......