“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

  • 25.10.2025 15:25
  • 2.3k+

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda şu ýylyň üçünji çärýeginde Türkmenistanyň daşary syýasy durmuşynda bolup geçen esasy wakalar barada makalalar berilýär.

Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän žurnalyň bu gezekki sany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 16-17-nji iýulda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparyna bagyşlanan “Umumy mirasa daýanyp: Azerbaýjan — Türkmenistan gatnaşyklarynyň ösüşi” atly makala bilen açylýar. Şeýle hem žurnalyň sahypalarynda 22-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn sammite bagyşlanyp aýratyn makala çap edilýär. 
Neşirde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen toplumlaýyn çäreler hem giňişleýin beýanyny tapýar. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň “Awazadan hereketlere: Hyzmatdaşlyk arkaly DÇBÖBD üçin onýyllygyň mümkinçiliklerini kemala getirmek”, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Prettonyň “Ählisi bize bagly: Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlardan guryýer arkaly baglanyşan kuwwatly söwda merkezlerine tarap”, BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Roland Mollerusuň “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge innowasion çemeleşme” atly makalalarynda giňişleýin söhbet edilýär.
“Türkmenistan — Milletler Bileleşigi: parahatçylyk we ösüş üçin diplomatiýanyň ynamly ädimi” atly makala sentýabr aýynyň üçünji ongünlüginiň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyşyna bagyşlanýar.

Şeýle hem žurnalda “Türkmenistan — ŞHG: köpugurly strategik hyzmatdaşlyk ugry”, “Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri” atly makalalar berlipdir.
Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň arabaglanyşygynyň täze ugurlaryna bagyşlanan makalada Owganystanda durmuşa geçirilýän infrastruktura taslamalarynyň ähmiýeti beýan edilýär. Neşirde milli we umumadamzat gymmatlyklaryny diplomatik protokolyň mazmunynda özara utgaşdyrmak, eýeçilik hukugyny durmuşa geçirmekde milli kanunçylygy we halkara hukuk kadalaryny utgaşdyrmak ýaly meselelere hem üns çekilýär.

Žurnalyň nobatdaky sany “Diplomatik durmuşyň senenamasy” atly bölüm bilen jemlenýär. Bu bölümde 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginiň wakalary, geçirilen dürli derejedäki duşuşyklar, gepleşikler, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, hökümetara toparlaryň mejlisleri we beýlekiler gysgaça syn bermek arkaly beýan edilýär.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....