“Altyn Asyr” AFK-nyň Çagyryş ligasynda “Abdyş-Atany” utdy

  • 25.10.2025 17:52
  • 7.2k+

“Altyn Asyr” futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyryna şowly başlady. Ol ilkinji oýunda “Abdyş-Ata” gyrgyz klubuny 1:0 hasabynda utdy. Oýun 25-nji oktýabrda geçirildi.

Oýunda ýeke-täk goly 58-nji minutda Myrat Annaýew geçirdi.
“Altyn Asyr” A toparçada çykyş edýär, bu ýerde Butanyň “Paro” we Omanyň “Al-Şabab” klublary-da oýnaýar. Bu toparçanyň ähli oýunlary Butanda merkezleşdirilen görnüşde geçirilýär.  


şu gün 11:43
2.5k+

ÇL: «Barselona» «Nýukasly» parçalady, «Liwerpul» «Galatasaraýy» ýeňlişe sezewar etdi

UEFA-nyň Çempionlar ligasyndaky agşamlar seýrek ýagdaýda rahat geçýär, emma bu gezekki oýunlar aýratyn şüweleňli boldy. Gol yzyna gol tirkeldi, faworitler garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik goýmady, Londonda bolsa soňky minutlara çenli gyzykly pursatlar dowam etdi...

düýn 12:45
5.9k+

Senegal Afrikanyň kubogyny elinden aldyrdy, çempion tituly Marokko berildi

Senegalyň milli ýygyndysy 2025-nji ýylyň Afrika milletleriniň kubogynyň ýeňijisi diýen tituldan mahrum edildi. Afrikanyň futbol konfederasiýasy (CAF) Marokko futbol federasiýasynyň şikaýatyny kanagatlandyrdy we final duşuşygynyň netijesini üýtgetdi — indi senegallylara tehniki ýeňliş ýazyldy, ýeňiş bolsa resmi taýdan Marokkonyň ýygyndysyna berildi...

düýn 11:32
6.8k+

ÇL: «Budýo-Glimt» ertekisi tamamlandy, «Real» «Sitini» gaýtardy, PSŽ bolsa KDÇ üçin aryny aldy

18-nji marta geçilen gije Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykan ilkinji dört topar belli boldy. Geçen oýunlara gysgaça syn bersek: «Budýo-Glimtiň» ertekisi Lissabonda tamamlandy Norwegiýanyň «Budýo-Glimt» topary ýaryşyň esasy açyşy hasaplanylýardy — topar kyn ýoly geçip, hatda «Interi» hem ýaryşdan gaýtarmagy başarypdy...

düýn 11:25
1.6k+

Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi...