Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri Waýoming uniwersiteti bilen Ähtnama gol çekişdiler

  • 25.10.2025 19:55
  • 5.3k+

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş saparynyň çäginde ABŞ-nyň Waýoming Döwlet uniwersitetine (University of Wyoming, UW) baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.

Saparyň maksatnamasyna garşy almak dabarasy, uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler, tematik duşuşyklar, kampus jemgyýeti üçin ýörite çykyş we uniwersitetiň halkara topary bilen jemleýji duşuşyk girizildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we olaryň durmuşa geçirilmegi boýunça anyk ädimleri - hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamalarynyň taýýarlanylmagy, bilelikdäki okuw modullarynyň we akademiki alyş-çalyşlaryň ýola goýulmagy, WyoCourses/Canvas sanly platformasynyň bilelikde okatmak we okuw materiallaryny alyşmak üçin ulanylmagy ara alyp maslahatlaşdylar.

Wekiliýet şeýle hem Waýoming uniwersitetiniň Biznes kollejine baryp, “treýding-laboratoriýa”, talyplaryň dolandyrýan “öwreniji gaznasy” modeli, şeýle hem biznes analitika, serişdeleriň hereketiniň psihologiýasy we blokçeýn tehnologiýalary boýunça okuw maksatnamalary bilen tanyşdy.
Pedagogika ugrundaky duşuşyklarda dil taýýarlygy, inkýuziw bilimi ösdürmek, mekdebe çenli we başlangyç mugallymçylyk, «synp-synpa» görnüşindäki onlaýn sapaklaryň guramaçylygy, çakylyk leksiýalary we tomusky okuw maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birleşdirilen okuw meýilnamalarynyň taýýarlanylmagy we usulyýet materiallarynyň alşylmagy barada ylalaşyk gazanyldy.
Saparyň netijeleri boýunça Waýoming Döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň iki ýokary okuw mekdebiniň — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Türkmen Döwlet maliýe institutynyň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnamalara gol çekildi.
Geljek akademiki semestrde ilkinji synag taslamalarynyň — biznes analitika, maliýe sowatlylygy we blokçeýn tehnologiýalary boýunça okuw modullarynyň, şeýle hem dil taýýarlygy we inkýuziw pedagogika boýunça sapaklaryň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Taraplar netijeleri yzygiderli alyşmaga we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.


düýn 23:39
493

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......