Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik forumynda çykyş etdi

  • 26.10.2025 10:55
  • 6.1k+

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

«Göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklaryň tutuş toplumyna kuwwatly itergi bermegi, dünýäniň geoykdysadyýetinde häzirki zaman meýilleri, bilelikdäki mümkinçiliklerimizi göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin anyk şertleri döretmegi şu günki duşuşygyň esasy maksady hökmünde görýäris» diýip, döwlet Baştutany aýtdy we munuň üçin şu gün ähli mümkinçilikleriň bardygyna berk ynam bildirdi.

Ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet bermek bilen, milli ykdysadyýetimizi uzak möhletleýin esasda ösdürmäge täze itergi bermegiň «açyk gapylar» syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridigini belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüş üçin ileri tutulýan ugurlary we strategik maksatlary barada durup geçdi. Olaryň birinjisi, senagat jemgyýetiniň döredilmegi. Ikinjisi, ykdysadyýeti düzümleýin, şeýle hem geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmak. 
Döwlet Baştutany energiýa serişdeleriniň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, şol sanda günbatar ugry boýunça iri turba geçirijileri gurmagyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny aýdyp, milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýokarda beýan edilen meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň bu prosesde italýan işewürliginiň hem mynasyp orun almagyny isleýändigini we munuň üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.
Ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şunda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Hazar-Ortaýer deňzi geçelgesini döretmäge aýratyn orun berilýär. Geografiýa taýdan ýerleşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan hem-de Italiýa bu geçelgäni döretmekde esasy orun eýelärler.
Dokma senagaty hyzmatdaşlygymyza kuwwatly itergi berjek ulgamlaryň biridir. Şunlukda, ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň eksportyny giňeltmäge, egin-eşikleri öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmäge, täze bazarlara çykmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirilýär.

«Häzirki wagtda Türkmenistanda bank-maliýe pudagyny hem-de karzlaşdyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu ulgamda Italiýanyň maliýe edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň tejribesine gyzyklanma bildirýäris» diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň döwlet eksport-karzlaşdyryş agentligi bilen türkmen banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ýurdumyzyň goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.


şu gün 11:28
271

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......