«Altyn Asyr» «Paro» klubuny utup, AFK Çagyryş Ligasynda «A» toparyň başyna geçdi

  • 28.10.2025 19:56
  • 12k+

28-nji oktýabrda, sişenbe güni Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş Ligasyndaky toparlaýyn tapgyryň ikinji duşuşygynda Butanyň «Paro» klubuny 3:1 hasabynda utdy. Ýaryşyň Günbatar zolagynyň "A" toparynyň ähli duşuşyklary merkezleşdirilen formatda Butanyň paýtagty Thimphuda geçirilýär.

Duşuşygyň 9-njy minutynda «Altyn Asyryň» oýunçysy Rahman Myratberdiýew hasaby açdy. Alty minut soň «Paro» Rikui Içimuranyň goly bilen hasaby deňledi. 37-nji minutda R.Myratberdiýew dubl edip, toparyny ýene öňe çykardy.
Duşuşygyň jemleýji hasabyny 73-nji minutda Resul Röwşenmyradow uzakdan owadan urgusy bilen goýdy — 3:1.
Toparyň beýleki oýnunda Omanyň «Al-Şabab» topary Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparyny 2:1 hasabynda utdy.
Iki tapgyrdan soň «Altyn Asyr» 6 utuk bilen toparyň başyny çekýär. Birinji duşuşygynda Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri «Abdyş-Atany» 1:0 hasabynda utdy. «Al-Şabab» toparynda hem 6 utuk bar, emma oman topary gol tapawudy boýunça «Altyn Asyrdan» yzdan. Birinji orny gutarnykly kesgitlejek duşuşyk 31-nji oktýabrda «Altyn Asyr» bilen «Al-Şabab» toparlarynyň arasynda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen 17:00-da başlanar.
«Paro» hem-de «Abdyş-Ata» asla utuk gazanyp bilmän, pleý-offa çykmak mümkinçiliklerini ýitirdiler.
2025/26 möwsüminde AFK Çagyryş Ligasyna 20 klub gatnaşýar. Olar Günbatar we Gündogar zolaga bölünen toparlarda çykyş edýärler. Duşuşyklar merkezleşdirilen formatda geçirilýär we toparlaryň hersi garşydaşlary bilen bir gezekden duşuşýar.
Çärýek finala Günbatar zolagyndan üç toparyň ýeňijisi we iň gowy ikinji ýer eýesi, şeýle hem Gündogar zolagyndan her topar boýunça iki topar çykar. Çärýek final — 2026-njy ýylyň mart aýynda, ýarym final — aprel aýynda, final oýny bolsa 2026-njy ýylyň 9-njy maýynda bolar.


düýn 20:28
5.3k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
8.2k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.1k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....