Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

  • 25.10.2025 15:12
  • 2.1k+

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Oba hojalygy we oba işleri boýunça Komitetiniň Başlygynyň orunbasary jenap Duan Çunhuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Milli Parlamentiň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda iki ýurduň oba hojalygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Taraplar toprakdan netijeli peýdalanmak, oba hojalygynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, innowasion usullary ornaşdyrmak, ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, ýokary hilli tohumçylyk ulgamyny ösdürmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.
Türkmen tarapy ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, oba hojalygynda durnukly ösüşe ýardam bermek ýaly möhüm ulgamda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu ugra degişli halkara hukuk resminamalaryna goşulmak bilen, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, Türkmenistanda oba hojalygy bilen bagly kabul edilýän milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada belläp geçdiler.
Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň Ýer hakynda Bitewi Kanuny, Türkmenistanyň Suw kodeksi, «Däneçilik hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Azyk howpsuzlygy hakynda», «Daýhan birleşikleri hakynda», «Daýhan hojalygy hakynda», «Tohumçylyk hakynda» hem-de «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny berkitmekdäki ähmiýeti bellenip geçildi.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
8.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......