Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýäniň Respublika güni bilen gutlady

  • 29.10.2025 10:29
  • 3.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Ýurduňyzyň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda gazanan üstünliklerini hem-de döwletlerimiziň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellemek biziň üçin ýakymlydyr. Biz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Türkiýede Respublika güni her ýylyň 29-njy oktýabrynda bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk Osmanly imperiýasy ýykylandan soň, 1923-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň yglan edilmegi mynasybetli baýram edilýär. Şol gün Mustafa Kemal Atatürk ýurduň ilkinji Prezidenti wezipesine saýlanyldy.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....