Raşid Meredow Malawiniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malawi Respublikasynyň daşary işler ministri Nensi Tembo bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar...