Raşid Meredow Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşdy

  • 22.08.2025 11:54
  • 7.1k+

20-nji awgustda Waşingtonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara meselelere garaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Taraplar ikitaraplaýyn derejede we halkara guramalarynda bilelikdäki işiň çäginde syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.
Şol bir wagtyň özünde, iki ýurduň daşary syýasat edarlarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, täsirli mehanizmleriň biri hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeler çykyş edýär.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygy bellediler. Onuň esasy şertleriniň hatarynda maýa goýum we tehnologiki ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň bolmalydygyny nygtadylar. Öňdebaryjy amerikan kompaniýalaryny öz içine alýan Türkmen-amerikan işewürler geňeşi ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilim, ylym, medeniýet we beýleki möhüm ähmiýetli ugurlarda bilelikdäki işiň mümkinçiliklerini giňeltmäge ygrarlylyklaryny beýan etdiler.
R.Meredow we ABŞ-nyň Döwlet sekretary türkmen-amerikan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 14:18
7.9k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......