Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

  • 22.08.2025 13:05
  • 2.9k+

21-nji awgustda Kuala-Lumpur şäheriniň Parlament binasynda Türkmenistanyň ilçisi M.Maşalow Malaýziýanyň Senatynyň Başlygy Senator Dato Awang Bemee Bin Awang Ali Basahy bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Malaýziýanyň Parlamentiniň parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Şeýle-de, taraplar iki ýurduň parlamentarileriniň özara saparlaryny guramagyň we türkmen-malaý parlamentara dostluk toparlarynyň mejlisini geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek bilen, bu gatnaşyklary uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......