Koreýa Respublikasynyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady

  • 11.08.2025 23:03
  • 2.1k+

11-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine we geljekki mümkinçiliklerine baha berildi.
A.Gurbanow Koreýa Respublikasynyň ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde ilçi özüniň diplomatik missiýasyny amala aşyrmakda beren ählitaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
856

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....