Türkmenistanyň Türkiýäki ilçisi Erzurum welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

  • 03.09.2025 16:06
  • 4.9k+

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi M.Işangulyýew Erzurum welaýatynyň häkimi Mehmet Sekmen bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar oba hojalyk, senagat, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlaryny öz içine alýan sebitara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Maldarçylyk pudagynda sebitara işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge hem aýratyn üns berildi.
Şeýle-de, duşuşykda iki ýurduň telekeçilik edaralarynyň arasynda ygtybarly gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyň mümkinçiliklerine seredildi. Iki ýurduň ykdysadyýetleriniň bäsdeşlik artykmaçlyklarynyň esasynda öňe sürlen mümkinçilikleri uly bolan ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipler öňe sürüldi.
Mundan başga-da, türkmen diplomatlary Erzurum şäherinde geçirilýän oba hojalyk we maldarçylyk boýunça halkara serginiň işine gatnaşdylar.
Erzurum şäherinde geçirilýän halkara sergi Türkiýäniň iň uly sergisi we Ýewropanyň öňdebaryjy sergileriniň biri bolup, ol oba hojalyk we maldarçylyk pudagynda gatnaşyklary ýola goýmak, tejribe alyşmak hem-de soňky innowasiýalary öwrenmek üçin örän wajyp çäre hasaplanylýar.


şu gün 00:03
1.8k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.4k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......