Waşingtonda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy geňeşmeleriň 11-nji tapgyry geçirild

  • 22.08.2025 12:00
  • 8k+

20-nji awgustda Waşingtonda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň 11-nji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, geňeşmeleriň dowamynda türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaým ýolbaşçylyk etdiler.
Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda howpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem «C5 + 1» sebitleýin diplomatik platformasynyň çäginde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.
Amerikanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ikitaraplaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek meselelerine hem garaldy we Türkmenistanda olaryň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar yzygiderli ikitaraplaýyn geňeşmeleriň türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin täsirli mehanizm hökmünde çykyş edýändigini bellediler.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......