Moskwada «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly dabaraly türkmen-rus konserti geçirildi

  • 18.08.2025 10:13
  • 3.4k+

15-nji awgustda Moskwada Uly Nikitskaýa köçesiniň ugrunda ýerleşýän P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly dabaraly türkmen-rus konserti geçirildi. Konsert Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senelerine, şeýle-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

1986-njy ýyldan bäri Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň uçurymy Sergeý Wasilýewiç Rahmaninowyň adyny göterýän zalda günüň-gününe diýen ýaly kamera we hor orkestrleriniň konsertleri geçirilýär. Bu meşhur saz ojagynda guralan nobatdaky konserte gatnaşmak üçin häzirki zaman we halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýän türkmen sazandalarynyň birnäçesi dostlukly ýurtda döredijilik saparynda boldy. Şolaryň arasynda Laçyn Hudaýberdiýewa, Gurbanmyrat Baýjykow, Bahram Dolyýew, Aýlar Bataýarowa, Elman Nasyrow, Kakageldi Hojalekow ýaly dutardyr gyjaga, skripkadyr wiolonçel, alt saz gurallaryna ussatlyk bilen erk edýän sazandalar bar. Olar birnäçe günüň dowamynda görnükli türkmen kompozitorlarynyň ençemesiniň, şol sanda Nury Halmämmedowyň bilim alan sungat ojagynda iri döredijilik çäresine taýýarlyk gördüler, russiýaly kärdeşleri bilen duşuşyp, türkmen halk saz gurallarynyň aýratynlyklary barada söz açýan tanyşdyrylyşlar bilen çykyş etdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti Ýelena Osipowanyň we Russiýanyň Teatr sungaty institutynyň uly mugallymy Ýewgeniý Wolkowyň geçen umumy sapagy bolsa dabaraly konsertiň medeni maksatnamasynyň başyny başlap, iki ýurduň aýdym-saz mirasynyň umumy gymmatlyklarydyr meňzeşlikleri barada düşünje almaga ýardam berdi.
Şeýle hem Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynyň diwarlarynda türkmen we rus aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde şirin mukamlar ýaňlanyp başlady. N.Halmämmedowyň, Ç.Nurymowyň, W.Bogdanow-Berezowskiniň, A.Mosolowyň, M.Waýnbergiň, K.Wolkowyň, M.Guseýnowyň wokal we instrumental eserleri, halk sazlary konsert maksatnamasynyň esasyny düzdi. Dabaraly çäräniň myhmanlary — Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, Moskwada akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri, dostlukly ýurduň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, Moskwanyň köp sanly ýaşaýjylarydyr žurnalistler ähli eserleri şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
«Dostlary jemleýäris» atly XIX halkara aýdym-saz festiwalynyň çäklerinde geçirilen bu dabara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ýurdumyzyň Moskwadaky ilçihanasynyň we «Dutaryň owazy» gaznasynyň ýardam bermeginde «Dünýäniň saz medeniýetleri» ylmy-döredijilik merkezi tarapyndan guraldy.


şu gün 17:08
56

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......