Aşgabatda Pakistanyň DIM-niň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi

  • 26.08.2025 15:19
  • 2k+

25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. 

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň dialogyň möhümdigini bellediler we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşykdan soň taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň arasynda ulag we energetika arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Şeýle hem 25-nji awgustda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, pakistan tarapyna bolsa Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillani ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň gün tertibiniň çäginde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetine ünsi çekdiler we onuň nobatdaky mejlisini ýakyn wagtda geçirmäge isleglerini beýan etdiler. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen diplomatlar iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaga ygrarlylyklaryny beýan etdiler.
Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň ýollary hem-de energetika we ulag pudaklarynda bilelikdäki taslamalary öňe sürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda diplomatlar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 18:54
860

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

şu gün 17:39
617

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......