Raşid Meredow Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 26.08.2025 15:03
  • 5.6k+

25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we halkara syýasy arenada özara hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda Daşary işler ministrleri derejesinde gepleşikleri we özara gatnaşyklary öz içine almak bilen işjeň syýasy dialogy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......