Hindistan ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

  • 01.09.2025 13:54
  • 1.5k+

30-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabatda öz diplomatik missiýasyny tamamlaýan Hindistanyň ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň häzirki ösüş derejesine ýokary baha berdiler.
Mähri Bäşimowa hanym Madhumita Hazarika Bhagata geljekki işlerinde üstünlikler arzuw edip, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Öz gezeginde, ilçi öz diplomatik missiýasyny amala aşyrmakda beren işjeň goldawy we ýardamy üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirdi.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......