Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Seulda dabaraly çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşdy

  • 20.08.2025 23:03
  • 9.4k+

15-nji awgustda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň milli baýramy – Azat ediş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy. Çärelere ýurduň Prezidenti Li Je Mýon we beýleki Hökümet agzalary gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Je Mýon çäräniň dowamynda çykyş etmek bilen, koreý halkynyň azatlyk ugrunda alyp baran gahrymançylykly göreşi, koreý ýarymadasynyň ikä bölünmegi we koreý halkynyň milli birleşmä bolan ymtylyşy, bu sebitiň ýadro ýaragyndan azat saklanmagy, taryhy gapma-garşylyklara garamazdan Ýaponiýa bilen goňşy döwlet hökmünde hyzmatdaşlygy ösdürmek, galyberse-de, şu ýylyň üçünji çärýeginde Koreýa Respublikasynda geçiriljek Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk Sammitini (APEC) ýokary derejede geçirmek babatda koreý tarapynyň görýän taýýarlyk işleri ýaly meseleleri aýratyn belläp geçdi.
Çäräniň çäginde ilçi B.Durdyýew bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Je Mýonuň arasynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirildi.
Onuň dowamynda türkmen ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanyna ýollanan baýramçylyk mynasybetli gutlaglary we mähirli salamlary ýetirdi. Li Je Mýon öz gezeginde iberilen gutlaglar we salamlar üçin minnetdarlygyny bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....