3.8k+

Hytaýly talyplar 2 müň ýyl ozalky resept boýunça tüwi bişirdiler

Hytaýdan talyplar topary Han nesilşalygynyň döwrüne degişli bambuk golýazmasyndaky tekst boýunça tüwini bişirmegiň gadymy usulyny dikeltdi. Şeýle tagam 2 müň ýyldan gowrak wagt ozal taýýarlanypdyr diýip, Interesting Engineering portaly ýazýar...

1.9k+

Hytaýda Xiaomi-niň ikinji elektrokarynyň täze görnüşi patentleşdirildi

Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň soňky maglumatlaryna görä, Xiaomi YU7 elektromobiliniň täze görnüşi 835 km ýol ätiýaçlygy bilen çykarylar. Şeýlelikde, indi bir elektromotorly modelleriň hatarynda geçýän aralygy boýunça dört görnüş elýeterli bolar: 725, 810, 820 we 835 km...

5k+

«Volkswagen ID. Unyx 06» Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy

JAC Motors bilen Volkswagen-iň bilelikdäki Volkswagen Anhui kärhanasy Hytaýda täze «Yuzhong 06» kupe-krossowerini, ýagny «ID. Unyx 06» atly täze modelini resmi taýdan hödürledi diýip, «ITHome» portaly habar berýär...

7.2k+

Ford 150% gümrük pajy sebäpli Hytaýa awtomobil eksportyny togtadýar

Ford 150%-e ýetýän ýokary gümrük nyrhlary sebäpli ABŞ-dan Hytaýa awtomobil ibermegini togtatdy. Çäklendirme ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglara, pikaplara we sportkarlara, şol sanda Miçiganda öndürilen F-150 Raptor, Mustang, Bronco modellerine we Kentukkiden Lincoln Navigator modeline degişli boldy...

5.4k+

Hytaýda 10G ulgamy eýýäm işe girizildi: 8K filmi bir minutda ýükläp alyp bolýar

Huawei we China Unicom Sýunan sebitinde ilkinji giň zolakly 10G ulgamyny işe girizdi. Ol dünýäde şeýle derejeli ilkinji çözgüt bolan 50G PON tehnologiýasyna esaslanýar. Täze ulgam geçiriş ukybyny adaty gigabit derejesinden 10G çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär, gijikdirme bolsa millisekunta çenli azalýar...

2.4k+

Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyjy bilen işleýän reaktory üstünlikli işe girizdi

Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyçly 2 MWt-lyk synag üçin niýetlenen ergin-duzly reaktory (EDR) üstünlikli işe girizdi. Bu barada «South China Morning Post» neşiri habar berýär. Şanhaýyň amaly fizika instituty tarapyndan dolandyrylýan reaktor hiç hili durmazdan, öz ýangyjyny doly ulanyp, soňra täzeden dolduryp, doly iş tapgyryny tamamlady...

7.2k+

Apple Hytaýyň smartfon bazarynda bäşinji orna düşdi

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda smartfon bazary 3,3% ösüp, 71,6 mln smartfona ýetdi. IDC-niň maglumatlaryna görä, ösüşe 810 dollara çenli bahadaky smartfonlar üçin döwlet ýeňillikleri we Hytaý Täze ýylynyň baýram edilen döwründe möwsümleýin isleg ýardam etdi...

8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň uly «ýüzýän balyk fermasy» işe girizildi

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Hytaýyň Tsindao şäherinde balyk we beýleki deňiz önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin, 150 müň tonnalyk akylly gämi işe girizildi. Bu gämi 2022-nji ýylda işe girizilen dünýäde ilkinji ferma gämisi bolan «Guoxin 1-iň» kämilleşdirilen görnüşidir...

5.7k+

Lexus Hytaýda özüniň ilkinji elektromobil zawodyny gurýar

Lexus awtoulag öndürijisi Hytaýyň Şanhaý şäheriniň Szinşan etrabyndan 1,13 million inedördül metr meýdan satyn alyp, Hytaýda dolulygyna özüne degişli ilkinji elektromobil zawodyny gurmak üçin 185 million dollar töledi...

5.9k+

Volvo 65 müň dollardan XC90 2025 modelini tanyşdyrdy

Volvo kompaniýasy 2025-nji ýylyň «Volvo XC90» flagman krossowerini Hytaý bazarynda resmi taýdan tanyşdyrdy. Ulagyň bahasy 479 müň ýuandan (takmynan, 65 müň dollardan) başlaýar diýip, «ITHome» portaly habar berýär...

9.1k+

Hytaýda bir çaga magnit lewitasiýaly örän ýeňil ýürek oturdyldy

Uhandaky Tunszi lukmançylyk kollejiniň ýanyndaky Bileleşik hassahanasynyň lukmanlary özboluşly operasiýa geçirdi. Olar ýedi ýaşly çaga magnit lewitasiýaly emeli ýüregi oturtdy. Bu ýüregiň agramy bary-ýogy 45 gram bolup, diametri 2,9 sm ýetýär...

2.3k+

Hytaýly Szýuý Wenszýun küşt boýunça dünýä çempiony titulyny gorady

Küşt boýunça häzirki dünýä çempiony, hytaýly Szýuý Wenszýun watandaşy Tan Çžunine garşy oýunda öz titulyny üstünlikli gorady. Ýaryş Şanhaýda we Çunsinde geçirildi. Dokuzynjy döwde ak mallar bilen oýnan Szýuý Wenszýun 6,5 utuk toplap, ýeňiş gazandy, bu hem oňa çempion titulyny üpjün etdi...