NASA-nyň alymy: Hytaýdaky ägirt bent Ýerde gije-gündiziň dowamlylygyny üýtgetdi

  • 06.05.2025 10:27
  • 9.1k+

Wagtyň kanunlaryny üýtgetmek mümkin däl, ýöne bir emeli desga, her niçigem bolsa, Ýeriň aýlanmagyna täsir edip, gije-gündiziň dowamlylygyny uzaltdy. Gürrüň Hytaýdaky “Üç jülge” bendi barada gidýär. Bu desga kesgitlenen kuwwaty boýunça dünýäde iň uly elektrik stansiýasydyr.

NASA-nyň Kosmos uçuşlary merkeziniň wekili doktor Benjamin Fong Çaonyň LADbible neşirine habar bermegine görä, bent uly suw massasyny bir ýerde saklaýar. Netijede, bu suw massasy Ýer massasynyň paýlanyşynyň üýtgemegine we onuň aýlanmagyna täsir edýär.
Desga Sandoupiniň golaýyndaky Ýanszy derýasynda ýerleşýär we 2012-nji ýylda guruldy. Onuň ini 2335 metr, iň ýokary beýikligi bolsa deňiz derejesinden 185 metr. Gurluşyga 20,4 mlrd dollar sarp edildi.
Bent, takmynan, 40 kub kilometr suwy saklap bilýär – bu bolsa, takmynan, 10 trln gallona deň. Massanyň şeýle üýtgemesi Ýerde bir günüň dowamlylygyny 0,06 mikrosekunt uzaldýar.
Doktor Çaonyň aýtmagyna görä, şeýle üýtgeşme adam üçin bildirtmeýär. Eger 0,06 mikrosekunty tutuş Älemiň ýaşyna köpeltseň, onda bary-ýogy goşmaça üç gün alnar. Bir gije-gündiziň dowamlylygyny bir sekunt uzaltmak üçin bolsa 16 666 666 sany şeýle bendi gurmaly bolardy.


düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 20:08
4.6k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....