Türkmenistan Almatyda “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

  • 29.04.2025 11:27
  • 3.7k+

25-26-njy aprelde Almaty şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew wekilçilik etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda şu ýylyň iýunynda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, taraplar öňde boljak sammitiň çäklerinde gol çekiljek resminamalara ser saldylar.
Formatyň çäklerinde syýasy dialogy ösdürmek, hemmetaraplaýyn bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, ulag aragatnaşygyny giňeltmek, şeýle-de durnukly ösüş we ekologiýa meselelerine aýratyn üns berildi.
“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygynyň jemleri boýunça Maglumat beýanaty kabul edildi.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....